- esbap
- [esba:p]1) Bir işi etmek, bir zady öndürmek, ýasamak üçin gural, serişde.∙ Tokar bilen Nökeriň ussaçylyk esbaplary örän ýagdaýlydy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)∙ Slesarçylyk esbaplary.2) Bir zat üçin gerek bolan, üpjün edilýän zatlar, enjamlar.∙ Oňa laýyk täze esbap gerekdi. (Ş. Borjakow, Kaspi Kenarynda)∙ Kagyzlaryny, ölçeg esbaplaryny goltugyna alyp, öýüne tarap ugran Efimowyň yzyna düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)3) Bir zady öwretmäge gerek bolýan zatlar, enjamlar.∙ Okuw esbaby. Görkezme esbaplary.4) Bezeg, eşik, geýim, enjam.∙ Iş geýimlerini çykaryp, toý esbabyna girýärdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Atymyň bolsa bütin esbabyna çenli alyp gidipdirler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)5) Emläk, goş, zat.∙ Ol kem-kemden öý esbaplaryny satmaga başlaýar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, p sesi b sesine öwrülýär.Meselem esbap - esbaby.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.